Ähli elementler
Hatlar we ugratmalar
Ugratmalary göndermek we kabul etmek

Ugratma ýoly bilen Türkmenistanyň islendik çägine we daşary ýurtlara zat gönderip bolýar. Her bir ugratmanyň gözegçilik üçin öz trek-belgisi bardyr. Onuň üsti bilen siz öz ugratmaňyzyň statusyny we nirede ýerleşýändigini gözegçilik edip bilersiňiz.

Ugratmanyň gowşurma möhletini we nyrhyny bilmek üçin poçta kalkulýatoryndan peýdalanyň ýa-da Türkmenistanyň çägi üçin  we halkara ugratmalaryň nyrhnamasy bilen tanyşyň.

Ugratmalaryň görnüşleri:

  • EMS ugratmalar ( 30 kg çenli)
  • Banderol ( 2 kg çenli)
  • Ownuk paket ( 2 kg çenli)
  • Howa ýoly üsti bilen ugratma ( 20 kg çenli)
  • Halta “H” ( neşirýat önümi) ( 20 kg çenli)

Ugratmany nädip gaplamaly we ugartmaly :

  1. Ugratmany ýollamak üçin, ugradyja doldurmak üçin resmi kagyz berilýär: “EMS resmi kagyz petdesi” we CN 23(5 nusgada);
  2. Ugradyjy “EMS resmi kagyzy” doldurýar we öz rekwizitlerini görkezýär hem-de kabul edijiniň rekwizitlerini görkezýär( Ady we A.A,indeks, kabul edijiniň tel.nom);
  3. CN 23 blankda ugradyjy ähli rewizitleri görkezmeli şeýle-de ugratmanyň doly häsiýetnamasyny möçberi bilen beýan etmelidir.
  4. Doldurylen resmi kagyzlary ugradyjy operatora gowşurmalydyr.
  5. Operator ugratmany ölçap,ony poçta bukjasyna gaplaýar.
  6. Poçta bukjasynda-da ugradyjy öz rekwizitlerini we kabul edijiniň rekwizitlerini görkezmelidir. ( Ady we A.A,indeks)
  7. Operator poçta bukjasynda poçta nyşan koduny we ugratmanyň agramyny gökezýär.
  8. Ugradyja resmi kagyzlaryň her biriniň göçürmesi we ugratma töleginiň kwitansiýasy berilýär.
  9. Ugratma inçe kendir sapak bilen borçly edilýär we saýhallama merkezine ugradylýar.