Ýollama gadagan edilýän zatlar

Türkmenistanda ýollama gadagan edilýän zatlaryň sanawy
  1. Ot açýan, signal berýän, pnewmatiki, gaz ýaragy, harby ätiýaçlar, sowuk ýarag (şol sanda, zyňylýan), elektroşok abzallary we uçgun çykaryjy razrýadlar, şeýle hem ot açýan ýaragyň esasy bölekleri;
  2. Neşe, psihikany bozuş, güýçli täsirli, radioaktiw, partlaýyş, ötgür, çalt ot alýan we beýleki howply serişdeler;
  3. Howply haýwanlar we ösümlikler;
  4. Türkmenistanyň pul nyşanlary we daşary ýurt walýutasy;
  5. Çalt zaýalanýan iýmit önümler, içgiler;
  6. Özüniň häsiýeti ýa-da gaplamasy boýunça poçtanyň işgärlerine howplulyk ýetirip bilýän, poçta ugratmalary we poçta enjamlary hapalap ýa-da zaýalap bilýän zatlar.

 

Türkmenistanyň territoriýasyna girizilende
  1. Çap we audiowizual materiallar: ekstremistiki we terrorçylyk işini ýa-da terrorizmiň köpçülikleýin aklanylmagyny amala aşyrmaga çakylyk saklaýjy; pornografiki häsiýetli; saýlaw we referendumlar barada Ýewraziýanyň ykdysady kärdeşligiň gümrük bileleşik ýurtlarynyň kanunçylygynyň talaplaryny bozulmalary bilen taýýarlanan we ýaýradylan; Türkmenistanyň syýasy we ykdysady gyzyklanmalaryna, onuň döwlet howpsuzlygyna, raýatlarynyň saglygyna we ahlaklylygyna zyýan ýetirip biljek nasist atributikasyna ýa-da simwolikasyna ýa-da garyşdyrma derejesine çenli nasist atributikasyna ýa-da simwolikasyna çalymdaş atributikasyna ýa-da simwolikasyna gönükdirilen wagyzly;
  2. Ýaragyň dürli görnüşleri (onuň bölekleri), konstruktiw taýdan raýat we gulluk ýaraglaryna çalymdaş önüm;
  3. Howply galyndylar;
  4. Maglumaty gizlin almak üçin niýetlenen ýörite tehniki serişdeler;
  5. Neşe serişdeleriň we psihikany bozuş maddalaryň prekursorlary bolup durmaýan zäherleýji serişdeler;
  6. Neşe serişdeler, psihiki bozuş maddalar we olaryň prekursorlar, şol sanda derman serişdeler hökmünde;
  7. Adamyň organlary we (ýa-da) derisi, gany we onuň komponentleri;
  8. Islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky ösümlikler, ösümlikleriň tohumy;
  9. Diri haýwanlar, emma arylar, sülükler, ýüpek gurçuklar kadadan çykma bolup durýar;
  10. Ozon dargadyjy maddalar;
  11. Ygtybarly organiki hapalaýjylar barada 22.05.2001ý. senesindäki kabul edilen Stokgolm konwensiýasynyň A we B goşundylarynyň hereketiniň astyna düşýän ösümlikleri goraýyş serişdeler;
  12. Suwuň biologiki çeşmelerini çykarma (tutma) ýaraglar;
  13. 0,5 mm az bolmadyk we öýjükleriniň göwrümi 100 mm az bolmadyk (öýjügiň ädiminiň konstruktiw göwrümi 50 mm az bolmadyk) ýüplük diametrli sintetiki ýa-da beýleki poliamid monoýüplüklerden maşyn ýa-da el usully öndürilen balyk tutujy düwünli taýýar torlar; 
  14. 0,5 mm az bolmadyk we öýjükleriniň göwrümi 100 mm az bolmadyk (öýjügiň ädiminiň konstruktiw göwrümi 50 mm az bolmadyk) ýüplük diametrli dürli sintetiki monoýüplüklerden maşyn ýa-da el usully öndürilen balyk tutujy düwünli taýýar torlar; 
  15. Birikdirilen ugrukdyryjyly we akkumulýatorly (batareýaly) bilelikde elektriki toguň täsiriniň astynda suwuň biologiki çeşmeleriniň çykarmasyny (tutmasyny) amala aşyrýan funksiýaly) elektriki signallaryň generatorlaryndan düzülen elektrotutujy ulgamlar we abzallar;
  16. Alkogolly önümler, etil spirti, piwo;
  17. Temmäki önümleriň we çekilýän garyndylaryň islendik görnüşleri;
  18. Radioaktiw materiallar;
  19. Medeni gymmatlyklar;
  20. Çalt zaýalanmaga ýykgynlyk harytlar;
  21. Islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky gymmatbaha daşlar we tebigy almaz, zergärçilik önümler kadadan çykma bolup durýar.

 

Türkmenistanyň territoriýasyndan çykarylanda
  1. ​Çap we audiowizual materiallar: ekstremistiki we terrorçylyk işini ýa-da terrorizmiň köpçülikleýin aklanylmagyny amala aşyrmaga çakylyk saklaýjy; pornografiki häsiýetli; saýlaw we referendumlar barada Ýewraziýanyň ykdysady kärdeşligiň gümrük bileleşik ýurtlarynyň kanunçylygynyň talaplaryny bozulmalary bilen taýýarlanan we ýaýradylan; Türkmenistanyň syýasy we ykdysady gyzyklanmalaryna, onuň döwlet howpsuzlygyna, raýatlarynyň saglygyna we ahlaklylygyna zyýan ýetirip biljek nasist atributikasyna ýa-da simwolikasyna ýa-da garyşdyrma derejesine çenli nasist atributikasyna ýa-da simwolikasyna çalymdaş atributikasyna ýa-da simwolikasyna gönükdirilen wagyzly;
  2. Ýaragyň dürli görnüşleri (onuň bölekleri), konstruktiw taýdan raýat we gulluk ýaraglaryna çalymdaş önüm;
  3. Howply galyndylar;
  4. Maglumaty gizlin almak üçin niýetlenen ýörite tehniki serişdeler;
  5. Neşe serişdeleriň we psihikany bozuş maddalaryň prekursorlary bolup durmaýan zäherleýji serişdeler;
  6. Neşe serişdeler, psihiki bozuş maddalar we olaryň prekursorlar, şol sanda derman serişdeler hökmünde;
  7. Adamyň organlary we (ýa-da) derisi, gany we onuň komponentleri;
  8. Gara we reňkli metallaryň galyndylary we döwük bölekleri;
  9. Işlenilmedik gymmatbaha metallar, gymmatbaha metallaryň galyndylary we döwük bölekleri, gymmatbaha metallaryň magdanlary hem-de konsentratlary we gymmatbaha metallar düzüminde bolan çig mal harytlar;
  10. Mineral çig mal (işlenilmedik tebigy daşlar);
  11. Ýerasty baýlyklar baradaky maglumat;
  12. Islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky ösümlikler, ösümlikleriň tohumy;
  13. Diri haýwanlar, emma arylar, sülükler, ýüpek gurçuklar kadadan çykma bolup durýar, weterinar şahadatnamasynyň barlygynda ugradylýar.
  14. Ozon dargadyjy maddalar;
  15. Alkogolly önümler, etil spirti, piwo;
  16. Temmäki önümleriň we çekilýän garyndylaryň islendik görnüşleri;
  17. Radioaktiw materiallar;
  18. Medeni gymmatlyklar;
  19. Çalt zaýalanmaga ýykgynlyk harytlar;
  20. Islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky gymmatbaha daşlar we tebigy almaz, zergärçilik önümler kadadan çykma bolup durýar.

 

Awiapoçta (howa arkaly poçta) bilen ýollama gadagan edilýän zatlaryň sanawy

 

  1. Ot açýan, signal berýän, pnewmatiki, gaz ýaragy, ot açýan, signal berýän, pnewmatiki gaz ýaragynyň düzüji bölekleri, harby ätiýaçlar, şeýle zatlaryň (predmetleriň) mulýažy (ýasamasy), şol sanda zarýadlanmadyk narat, top oky we beýleki meňzeş zatlar (predmetler), sowuk ýarag (şol sanda, zyňylýan), pyçaklaryň ähli görnüşleri, elektroşok abzallary.
  2. Neşe serişdeler, psihikany bozuş madallar we olaryň prekursorlary.
  3. Partlaýyş serişdeler we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: partlaýyş tozy, TEN, nitrogliserin, ammonal, granitol, dinamit, el naraty, raketalar, snarýadlar, ýarag ätiýaçlar, detonatorlar, kapsýuli-detonatorlar, däri, feýerwerkler, perotehniki düzümler, atyş oklar.
  4. Çalt ýanýan, zäherli we ýanmaýan hem-de zäherli däl gazlar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: gazly ot ýakyjylar, gysylan hem-de suwuklandyrylan ballonlardaky gazlar, wodorod, propan, butan, laklar we aerozol gaplamadaky dezodorantlar, kömürturşy gaz, ýangyn söndüriji, hlor, iprit.
  5. Çalt ýanýan suwuklyklar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: benzin, nebit, erediji madda, aseton, laklar, ýagly boýaglar, nitroemallar, grunt, ýuwujy ergin, germetika, efirler, organiki eredijileriň esasyndaky ýelim, kosmetiki losýonlar, odekolonlar, atyrlar, hajathana suwy, dyrnak üçin laklar, pihta ýagy.
  6. Çalt ýanýan gaty maddalar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: otluçöp, kükürt, сера, islendiki metal tozular, ýapgytly alýumin tozular, magniý, “bengal ody”, ak we sary fosfor, napalm, kömür, kalsiý karbidi, natriý.
  7. Turşadyjy maddalar, organiki öteturşylar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: ammiak-nitrat dökün, ammiak selitra, kaliý selitra, kalsiý hloraty, agardyjy ergin, wodorodyň öteturşusy, käbir gatadyjylar.
  8. Zäherli (zäherleýji) maddalar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: myşýak, nikotin, sianid, pestisidler, strihnin, bromaseton.
  9. Ýokanç maddalar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: anyklaýyş nusgalyk, biologiki önümler, guduzlyk wirusy, hassahana we lukmançylyk galyndylar.
  10. Radioaktiw serişdeler we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: radionuklidler, izotoplar.
  11. Poslama maddalar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: akkumulýatorlar üçin elektrolitler, simap, kükürt, duz, sirke we beýleki kislotalar, ötgür natr.
  12. Dürli howply maddalar we olar düzüminde bolan önümler. Meselem: litiýli batareýalar, gury buz.

Gaplama üçin metal gutulary we gapyrjak, folga, metallaşdyrylan kagyz we mata peýdalanmak gadagan edilýär.